Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar». Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän. Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr. Çünki Rebden başga Hudaý ýok! Hudaýymyzdan başga gaýa ýok! Reb diridir! Meniň gutulyş Gaýam alkyşly bolsun! Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn! Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar. Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy. Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär. Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin». Olar iýmit gözläp eýläk-beýläk urunýar, garynlary doýmasa, hyňranyşýar. Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym. Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler. Öňki zamanda mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly, duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge, ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga, Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykardy. Ol ýene-de şeýle diýýär: «Men Oňa umyt baglaryn». Soňra ýene şeýle diýýär: «Ine, Men we Hudaýyň Maňa beren çagalary».
Выбор основного перевода