Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen size berýän buýruklaryna boýun egip, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Reb sizi aýakda däl-de, başda goýar. Şawulyň adamlary bilen Dawudyň adamlarynyň arasyndaky uruş uzaga çekdi. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, Şawulyňkylar bolsa barha ejizleýärdiler. Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Metekamma galasyny piliştlileriň elinden aldy. Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler. Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi. Dawut onuň bir müň ýedi ýüz sany söweş arabaly esgerlerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi. Damaskda ýaşaýan siriýalylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut siriýalylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi. Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi. Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi. Dawut patyşa Hadadgezeriň Beta hem-de Berotaý galalaryndan juda köp bürünç aldy. Hamat şasy Togy Dawudyň Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi. Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togy öz ogly Ýoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togy bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Ýoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi. Dawut bu sowgatlary-da ähli boýun egdirenlerinden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden, amaleklerden hem-de Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezerden alan altyndyr kümüşleri bilen birlikde Rebbe bagyş etdi. Dawut bu sowgatlary-da ähli boýun egdirenlerinden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden, amaleklerden hem-de Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezerden alan altyndyr kümüşleri bilen birlikde Rebbe bagyş etdi. Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürenden soň, Dawudyň meşhurlygy has-da artdy. Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi. Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz, sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler. Bu Ysraýylyň Mukaddesi, Hudaýyňyz Reb sebäplidir, Ol sizi şöhratlandyrdy.
Выбор основного перевода