Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi. Öz guluňa wepaly bol, çünki biz mukaddes äht edişdik. Eger men ýazykly bolsam, onda meni özüň öldüräý, kakaňyň ýanyna eltip näme etjek?» Dirikäm Reb kimin maňa wepaly bol. Ölenimden soň bolsa, hatda Reb seniň ähli duşmanlaryňy ýer ýüzünden ýok etse-de, meniň neslime hemişe wepaly bol». Şunlukda, «Dawudyň duşmanlarynyň jezasyny, goý, Rebbiň Özi bersin» diýip, Ýonatan Dawudyň kowumy bilen äht edişdi. Soňra ol ikisi Rebbiň öňünde äht edişdiler. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gitdi. Şawulyň ogly Ýonatanyň Mepiboşet diýen iki aýagy-da agsak bir ogly bardy. Ýizregelden Şawul bilen Ýonatanyň öldi habary gelende, ol bäş ýaşyndady. Enekesi juda howlukmaçlyk bilen alyp gaçyp barýarka, ony elinden gaçyrypdy. Şeýdip, çaganyň aýagyna şikes ýetipdi. Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi. Sen ogullaryň we hyzmatkärleriň bilen ýeri onuň üçin bejerip, hasylyny ýygnarsyň, şonda ol jenabyňyň agtygynyň harajady bolar, emma jenabyňyň agtygy Mepiboşet hemişe meniň saçagymdan naharlanar» diýdi. Sibanyň on bäş ogly bilen ýigrimi hyzmatkäri bardy.
Выбор основного перевода