Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şondan soň Gezerde piliştliler bilen uruş başlady. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sipaý diýen birini öldürdi. Piliştliler boýun egdiler. Piliştliler bilen ýene uruş boldy. Ýagyryň ogly Elhanan gatly Jaludyň dogany Lahmyny öldürdi. Lahmynyň naýzasynyň sapy dokmaçynyň tütesi ýaly ýogyndy. Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden elleridir aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy. Ysraýyla sögendigi sebäpli, Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan Rapa neslinden bolan bu adamy öldürdi. Bularyň dördüsi-de Gatyň rapalaryndandylar. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler. huşaly Sibekaý, Ahowanyň nesli Ylaý, Sekizinji aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli huşaly Sibekaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
Выбор основного перевода