Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň. Piliştli ýene Dawuda: «Hany, bir gelsene, etiňi ýyrtyjy guşlar bilen wagşy haýwanlara şam edeýin» diýdi. Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler. Dawut Ahymelege: «Ýanyňda naýza ýa gylyç ýokmy? Patyşanyň tabşyrygy juda gyssagly bolansoň, ýanyma ne gylyjymy alyp ýetişdim, ne-de başga ýaragymy» diýdi.
Выбор основного перевода