Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi. Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende, onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar uzak gije ýörediler. Baryp, Şawulyň hem onuň ogullarynyň jesetlerini Beýtşeýan galasynyň diwaryndan aýyrdylar; Ýabeşe gelip, jesetleri şol ýerde ýakdylar. Soňra olaryň süňklerini getirip, Ýabeşdäki ýylgynyň aşagynda gömdüler we ýedi günläp agyz beklediler. Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýyla patyşa bellediler. Dawut Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýyl, alty aý, Iýerusalimde oturyp, tutuş Ysraýyl bilen Ýahuda otuz üç ýyl patyşalyk etdi.
Выбор основного перевода