Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bile Gatyň hany Magogyň ogly Akyşyň tarapyna geçdi. Olar maşgalalary bilen bile Gatda Akyş hanyň ýanynda ornaşdylar. Iki aýaly ýizregelli Ahynogam we Nabalyň dul galan aýaly karmelli Abygaýyl hem Dawudyň ýanyndady. Şunlukda, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bilelikde ýola düşdi. Olar Besor çaýyna geldiler. Gurbatdan düşen iki ýüz adam çaýdan geçip bilmän, şol ýerde galdylar. Emma Dawut dört ýüz adam bilen bile galtamanlary kowalamagyny dowam etdirdi. Bular Dawut Ziklagda Kişiň ogly Şawuldan gaçyp ýörkä, onuň ýanyna gelenler we oňa uruşda ýardam eden batyr ýigitlerdir.
Выбор основного перевода