Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeşuwa Ýepunnäniň ogly Kalebe ak pata berdi, oňa mülk ýer hökmünde Hebrony bagyş etdi. Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalebiň Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýürekden sygynandygy üçin, Hebron onuň hemişelik mülki bolup galdy. Hebronyň öňki ady Kirýatarba eken. Arba anaklaryň arasynda iň beýik adam eken. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy. Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi. Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi. Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi. Dawut: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Şawulyň men guluň sebäpli Kegilany ýok etmek üçin gelýändigini eşitdim. Indi şeýdip, Öz guluňyň eşidişi ýaly, Şawul gelermi? Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluňa aýdaý!» diýdi. Reb: «Ol geler» diýdi. Soňra Dawut: «Kegilanyň halky meni we adamlarymy Şawulyň eline berermi?» diýdi. Reb: «Berer» diýdi. Hebrondaky öz adamlary bilen baran ýerleriniň ählisinde ýaşaýanlara olja alnan zatlardan iberdi.
Выбор основного перевода