Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Abner Asahele ýene: «Meni kowalamaňy bes et! Birden seni ýere pylçap uraýmaýyn! Onsoň men seniň doganyň Ýowabyň ýüzüne nähili serederin?» diýdi. Ýöne Asahel yza gaýtmak islemedi. Şunlukda, Abner naýzasynyň ujuny onuň içinden geçirdi. Asahel ýykyldy, ýykylan ýerinde-de jan berdi. Onuň ölen ýerinden geçenleriň hemmesi ol ýerde aýak çekdiler. Bu iki dogan bugdaý almaga gelen kişiler bolup, Yşboşediň içine urdular. Bu, ine, şeýle bolupdy: olar öýe girenlerinde, Yşboşet öz ýatýan otagynda uklap ýatyrdy. Olar onuň üstüne topuldylar-da, ony öldürip, kellesini kesip aldylar we ol ýerden çykyp gaçdylar. Soňra olar Iordan deresiniň ýoly bilen uzak gije ýörediler. Ýowap Emasa: «Doganym, sag-gurgunmyň?» diýip, ogşamak üçin sag eli bilen Emasanyň sakgalyndan tutdy. Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar. Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Emasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Ýowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady. Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.
Выбор основного перевода