Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Abşalom daň bilen turup, galanyň derwezesiniň golaýynda durardy. Eger kimdir biri haýsydyr bir dawany çözmek üçin, patyşanyň huzuryna barmak islese, Abşalom ony ýanyna çagyryp: «Haýsy galadan bolarsyň?» diýip sorardy. Gelen: «Guluň Ysraýylyň pylan tiresinden» diýerdi. Patyşa olara: «Siz nämäni isleseňiz, şony ederin» diýdi. Patyşa derwezäniň ýanynda durdy; tutuş goşun ýüz-ýüzden, müň-müňden düzülip, galadan çykdy. Dawut şäher derwezesiniň içki hem daşky gapylarynyň arasynda otyrdy. Şol wagt gözegçi derwezehananyň ýokarsyna, diwara çykyp seretdi we kimdir biriniň ylgap gelýändigini gördi. Patyşa sandyr-sandyr edip, derwezäniň üstündäki otaga çykyp aglady. Ol gelýärkä: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum! Eý, jan oglum, Abşalom! Seniň ýeriňe men ölen bolsam bolmaýarmy, wah, jan oglum, jan oglum!» diýip aglaýardy.
Выбор основного перевода