Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut patyşa: «Mepiboşediň ähli zady indi seniňki» diýdi. Siba: «Saňa tagzym! Özüňiz merhemet ediň, eý, şa hezretleri!» diýdi. Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Raba galasyndan Nahaşyň ogly Şoby, lodebarly Emiýeliň ogly Makyr, Rogelimden gilgatly Barzyllaý dagy Dawut bilen onuň ýanyndaky adamlaryna ýorgan-düşek, gap-çanak, toýun gaplar, huruşlyk üçin bugdaý, arpa, un, gowurga, noýba, mäş, bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar. Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler.
Выбор основного перевода