Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme. Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus! Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy. Seruýanyň ogly Abyşaý patyşa garap: «Bu itiň maslygy näme üçin şa hezretlerine gargap dur? Ygtyýar beriň, kellesini alaýyn» diýdi. Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Ýogsam Mukaddes Ýazgylarda hem: „Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme“ diýip ýazylan» diýdi.
Выбор основного перевода