Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Abşalom Emasany Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip goýdy. Emasa Ýytra diýen bir ysraýylyň ogludy. Ýytra Ýowabyň ejesi, Seruýanyň aýal dogany, Nahaşyň gyzy Abygaýyla öýlenipdi. Ýowap patyşanyň öýüne gelip, oňa şeýle diýdi: «Sen bu gün özüňiň, ogul-gyzlaryňyň, aýallaryňdyr gyrnaklaryňyň janyny halas eden esgerleriňiň ýüzüni ýere saldyň. Sebäbi özüňi ýigrenýänleri söýüp, özüňi söýýänleri ýigrendiň. Sen goşunbaşylaryňdyr esgerleriňiň özüň üçin hiç kimdigini bu gün ap-aýdyň etdiň. Eger-de Abşalom diri galyp, biziň ählimiz ölen bolsak, onda seniň şatlanjak ekendigiňe men anyk göz ýetirdim. Indi bar-da, öz adamlaryň bilen mylakatly gepleş, Rebden ant içýärin, eger gitmeseň, şu gije ýanyňda bir adamam galmaz. Bu bolsa seniň üçin ýaşlygyňdan tä häzire çenli gören ýamanlyklaryňyň baryndan beter bolar». Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi.
Выбор основного перевода