Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Patyşa ondan: «Ol nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Lodebarda, Emiýeliň ogly Makyryň öýünde» diýip jogap berdi. Birnäçe wagtdan soň Ammon patyşasy Nahaş ölüp, ýerine ogly Hanun tagta çykdy. Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň çaparlary Ammon ýurduna baranda, Indi Ýowap ammonlaryň Raba galasynyň garşysyna uruşýardy. Ol şa galasyny basyp aldy. Dawut ähli goşuny toplap, Raba galasyna hüjüm edip, ony boýun egdirdi. Gilgatly Barzyllaý Rogelim galasyndan geldi. Ol Iordan derýasyndan patyşa bilen bile geçip, ony ugradyp barýardy. Ol juda garrydy – segsen ýaşyndady. Patyşa Mahanaýymda bolanda, Barzyllaý ony iýmit bilen üpjün edipdi, çünki ol juda gurply adamdy. Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler.
Выбор основного перевода