Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin». Ýowap Emasa: «Doganym, sag-gurgunmyň?» diýip, ogşamak üçin sag eli bilen Emasanyň sakgalyndan tutdy. Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar. Ýowabyň adamlaryndan biri Emasanyň jesediniň ýanynda durup: «Kim Ýowabyň tarapdary bolsa, kim Dawuda wepaly bolsa, Ýowabyň yzyna eýersin» diýdi. Emasa ýoluň ugrunda gana bulaşyp ýatyrdy. Ýaňky adam jesediň ýanyna barýanlaryň onuň ýanynda saklanýandyklaryny görüp, ony ýoldan bir gyra çekdi-de, üstüne geýim ýapdy. Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Emasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Ýowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady. Olar Asaheli äkidip, Beýtullahamda – onuň öz kakasynyň gubry goýlan gümmeziň içinde jaýladylar. Soňra Ýowap adamlary bilen uzak gije ýol ýöräp, daň agaranda Hebrona geldi. Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi. Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi. Abygaýyldan Emasa doguldy. Ysmaýyl urugyndan bolan Ýeter Emasanyň kakasydyr.
Выбор основного перевода