Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda Ýeriho hany Rahaba şeýle buýruk iberdi: «Öýüňe gelen adamlary biziň elimize ber! Sebäbi olar biziň tutuş ýurdumyzy gözden geçirmek üçin gelipdirler». Emma bu aýal ol iki adamy öz öýünde gizläp, hanyň iberen adamlaryna: «Dogrudan-da, meniňkä adamlar geldiler, ýöne olaryň niredendiklerinden meniň habarym ýok. Olar garaňky düşüp, gala derwezesiniň ýapylýan wagty çykyp gitdiler, olaryň nirä gidendiklerini men bilemok. Haýal etmän yzlaryndan kowsaňyz, olary ele salmagyňyz mümkin» diýdi. Soňra Mikal Dawudy penjireden çykaryp gaçyryp goýberdi. Ol gaçyp gizlendi. Mikal bir buty alyp, düşekde ýatyrdy; onuň başyna tüýli geçi derisini geýdirip, üstüne-de ýapynja atdy. Dawudy tutmak üçin, Şawulyň iberen adamlaryna Mikal: «Ol syrkawlap ýatyr» diýdi. Onsoň Şawul: «Dawudy öz gözüňiz bilen görüp, ony düşegi bilen bile alyp geliň, men ony öldürjek» diýip, öz adamlaryny iberdi. Şawulyň adamlary düşekde başyna tüýli geçi derisi geýdirilen buty görendiklerini oňa habar berdiler. Şondan soň Şawul Mikaly çagyryp, oňa: «Näme üçin meni aldap, meniň duşmanymy gaçyryp goýberip, oňa gizlenmäge mümkinçilik berdiň?» diýdi. Mikal oňa: «„Goýbermeseň öldürerin“ diýdi» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода