Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra araçäk Akor jülgesinden Debire çenli ýokary galyp, demirgazykda akymyň günortasynda ýerleşýän Adummym baýyrlyklarynyň garşysyndaky Gilgala tarap öwrülýär. Araçäk bu ýerden Eýnşemeş çeşmesine çenli dowam edip, Eýnrogele ýetýär. Soňra araçäk Benhinnom deresiniň ýanyndaky daglaryň etegine çenli aşak düşüp, Rapa deresine gelýär. Ol demirgazyga Hinnom deresine tarap aşak dowam edip, ýabuslaryň galasynyň günorta eňňidi bilen Eýnrogele baryp ýetýär. Patyşa Sadok ruhana şeýle diýdi: «Sen öňden görüjisiň! Ogluň Ahymagasy hem-de Abýataryň ogly Ýonatany ýanyňa al-da, Abýatar bilen bile sag-salamat gala gaýt. Sadogyň ogly Ahymagas bilen Abýataryň ogly Ýonatan hem şol ýerdedir. Şolaryň üsti bilen alan maglumatlaryňy maňa ýetirersiň».
Выбор основного перевода