Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Abymelegiň öz ýetmiş sany doganyny öldürip, atasynyň öýüne eden hyýanatçylygyny Hudaý onuň özüne görkezdi. Şekemiň ilatynyň eden ähli jenaýatçylygyny Hudaý olaryň öz başlaryna saldy. Olary Ýerubagalyň ogly Ýotamyň gargyşy tutdy. Şawulyň adamlary bilen Dawudyň adamlarynyň arasyndaky uruş uzaga çekdi. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, Şawulyňkylar bolsa barha ejizleýärdiler. Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi. Patyşa gibgonlylary çagyryp, olar bilen gepleşdi. (Gibgonlylar ysraýyllardan däldirler, olar amorlaryň galyndylarydy. Ysraýyllar olara degmejekdiklerine ant içipdiler, ýöne Ysraýyl bilen Ýahuda bolan yhlasy sebäpli, Şawul olary ýok etjek bolýardy.) Dawut gibgonlylara: «Men siziň üçin näme edeýin? Rebbiň saýlan halkyna pata bermegiňiz üçin, bu günäden nädip saplanarkam?» diýdi. Olar: «Bize Şawuldan we onuň neslinden altyn ýa kümüş almak ýeterlik däl. Ysraýyldan kimdir birini biziň öldürmäge hakymyz ýok» diýdiler. Dawut olara: «Siz näme isleseňiz, şony-da etjek» diýdi. Olar: «Bizi tutuş Ysraýyldan çykarmak islän we dyr-pytrak eden adamyň neslinden bolan ýedi adamy biziň elimize ber. Biz olary Reb tarapyndan saýlanan Şawulyň Gibga galasynda Rebbiň huzurynda öldürip, Günüň astynda serjek» diýdiler. Patyşa olara: «Bolýar, men olary size bereýin» diýdi. Olar: «Bizi tutuş Ysraýyldan çykarmak islän we dyr-pytrak eden adamyň neslinden bolan ýedi adamy biziň elimize ber. Biz olary Reb tarapyndan saýlanan Şawulyň Gibga galasynda Rebbiň huzurynda öldürip, Günüň astynda serjek» diýdiler. Patyşa olara: «Bolýar, men olary size bereýin» diýdi. Ýöne Dawut patyşa özüniň Ýonatan bilen Rebbiň öňünde äht edişendigi sebäpli onuň ogly Mepiboşede rehim etdi. Dawut Aýanyň gyzy Rispanyň Şawula dogrup beren iki ogluny: Armony bilen Mepiboşedi, şeýle hem Şawulyň gyzy Merabyň meholaly Barzyllaýyň ogly Adryýele dogrup beren bäş ogluny alyp, olary gibgonlylaryň eline berdi. Gibgonlylar olary dagda Rebbiň huzurynda öldürip, ýeriň ýüzüne serdiler, olaryň ýedisem bilelikde öldi. Bu waka baharda, arpa oragynyň ilkinji günlerinde bolupdy. Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy. Abneriň we Emasanyň gany ebedi Ýowabyň hem-de onuň nesilleriniň başyndan iner. Emma Reb Dawuda we onuň tagtda oturýan nesillerine ebedilik asudalyk berer».
Выбор основного перевода