Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seruýanyň üç ogly Ýowap, Abyşaý, Asahel dagy şol ýerdedi. Asahel edil keýik ýaly ýyldamdy. Emma Dawut şeýle diýdi: «Eý, Seruýanyň ogullary, bu günki gün meniň bilen duşman bolar ýaly, biziň aramyzda näme bar? Men bu gün özümiň Ysraýylyň şasydygymy bilmeýärinmi näme? Bu gün Ysraýylda hiç kim öldürilmez». Munuň üstesine-de, siz meni Rebden rugsatsyz bu ýurdy weýran etmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Reb maňa şu ýurduň üstüne çoz-da, ony derbi-dagyn et diýdi». Ol tutup äkidýär – Ony saklap biljek barmy? „Edýäniň näme?“ diýip biljek barmy Oňa? Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi? Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy? Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy. Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?
Выбор основного перевода