Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra patyşa Şawulyň hyzmatkäri Sibany çagyryp, oňa: «Şawula hem onuň nesline degişli bolan zatlaryň ählisini jenabyňyň agtygyna berendirin. Sen ogullaryň we hyzmatkärleriň bilen ýeri onuň üçin bejerip, hasylyny ýygnarsyň, şonda ol jenabyňyň agtygynyň harajady bolar, emma jenabyňyň agtygy Mepiboşet hemişe meniň saçagymdan naharlanar» diýdi. Sibanyň on bäş ogly bilen ýigrimi hyzmatkäri bardy. Ol şeýle jogap berdi: «Eý, şa hezretleri, meni hyzmatkärim aldady. Men oňa: „Eşegi gaňňalaýyn-da, oňa münüp, patyşa bilen gideýin“ diýdim, sebäbi men guluň agsak. Emma ol siz şa hezretleriniň ýanynda men guluňyza töhmet atdy. Emma şa hezretleri meniň üçin Hudaýyň perişdesi ýalydyr. Indi näme ederin diýseňiz, ine, men.
Выбор основного перевода