Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Adamsy ýolboýy aglap-eňräp, Mikaly Bahuryma çenli ugratdy. Abner «Öýüňe gaýt!» diýensoň, Paltyýel yzyna dolandy. Abner ysraýyl ýaşulularyna şeýle sözler bilen ýüzlendi: «Köp wagtdan bäri siz Dawudyň özüňize patyşa bolmagyny isleýärsiňiz. Indi islegiňizi amala aşyryň, sebäbi Reb: „Men Öz halkym Ysraýyly gulum Dawudyň üsti bilen piliştlilerden hem onuň ähli duşmanlaryndan halas ederin“ diýip, Dawuda aýdypdy». Bahurymdan benýaminli Geranyň ogly Şimgi, Dawut patyşany garşylamak üçin, ýahudalar bilen howlugyşyp eňip gelýärdiler. Onuň ýanynda benýaminden müň adam bardy. Şawulyň maşgalasynyň hyzmatkäri Siba on bäş ogluny hem-de ýigrimi hyzmatkärini ýanyna alyp, patyşanyň öňünden Iordan derýasyndan geçdi. Olar patyşanyň öý-içerisini geçirmek üçin we onuň huzurynda islän zadyny berjaý etmek üçin, derýanyň saý ýerinden geçdiler. Patyşa Iordan derýasyndan geçen badyna, Geranyň ogly Şimgi onuň öňünde tagzym edip, şeýle diýdi: «Jenabym, meni günäli hasaplamaň we şa hezretleriniň Iýerusalimden çykan güni öz guluňyzyň eden ýamanlygyny ýatlamaň, ony göwnüňize almaň. Sebäbi men guluňyz özümiň günäkärdigimi bilýärin. Şoňa görä-de, men şu gün Ýusubyň nesillerinden ilkinji bolup, siz şa hezretlerini garşylamaga geldim». Seruýanyň ogly Abyşaý: «Näme üçin Şimgi öldürilmeli däl, ol Rebbiň seçip-saýlanyna gargady ahyryn» diýdi. Emma Dawut şeýle diýdi: «Eý, Seruýanyň ogullary, bu günki gün meniň bilen duşman bolar ýaly, biziň aramyzda näme bar? Men bu gün özümiň Ysraýylyň şasydygymy bilmeýärinmi näme? Bu gün Ysraýylda hiç kim öldürilmez». Patyşa ant içip, Şimgä: «Sen ölmersiň» diýdi. Şeýle hem Bahurymdan bolan benýaminli Geranyň ogly Şimgi bardyr. Mahanaýyma barýarkam, ol maňa erbet gargyş etdi, ýöne ol Iordan derýasyna meni garşylamaga gelende, men oňa: „Men seni öldürmerin“ diýip, Rebden ant içdim. Soňra patyşa adam ýollap, Şimgini çagyrdyp, oňa şeýle diýdi: «Iýerusalimden özüňe bir jaý sal-da, şol ýerde ýaşa, başga hiç ýere gitme. Bilip goý, Kidron deresinden geçip, şol ýerden çykan günüň hökman ölersiň. Sen ölümi öz başyňa satyn alarsyň». Şimgi patyşa: «Seniň aýdýan zatlaryň mamladyr, jenabym. Guluňyz–men edil aýdyşyňyz ýaly hem eder» diýdi. Şeýdip, Şimgi esli wagtlap Iýerusalimde ýaşady. Üç ýyldan soň Şimginiň iki sany guly, Gatyň hany Magakanyň ogly Akyşyň ýanyna gaçyp bardylar. Şimgi: «Seniň gullaryň Gatda» diýen habary eşidip, turup, eşegini gaňňalap, mündi-de, gullaryny gözläp, Gata Akyşyň ýanyna gitdi. Şimgi gidip, gullaryny Gatdan yzyna getirdi. Üç ýyldan soň Şimginiň iki sany guly, Gatyň hany Magakanyň ogly Akyşyň ýanyna gaçyp bardylar. Şimgi: «Seniň gullaryň Gatda» diýen habary eşidip, turup, eşegini gaňňalap, mündi-de, gullaryny gözläp, Gata Akyşyň ýanyna gitdi. Şimgi gidip, gullaryny Gatdan yzyna getirdi. Şimginiň Iýerusalimden Gata gidendigini we ýene yzyna dolanyp gelendigi baradaky habary Süleýmana ýetirenlerinde, patyşa adam iberip, Şimgini çagyrtdy we oňa: «Men saňa Rebden ant içirip: „Bilip goý, başyňa näme düşse-de, şol ýerden başga ýere giden günüňiň özünde, sen hökman ölersiň diýip duýdurmanmydym näme?“. Sen hem maňa: „Seniň aýdýanlaryň bary dogry. Men saňa gulak asaryn“ diýipdiň. Şimginiň Iýerusalimden Gata gidendigini we ýene yzyna dolanyp gelendigi baradaky habary Süleýmana ýetirenlerinde, patyşa adam iberip, Şimgini çagyrtdy we oňa: «Men saňa Rebden ant içirip: „Bilip goý, başyňa näme düşse-de, şol ýerden başga ýere giden günüňiň özünde, sen hökman ölersiň diýip duýdurmanmydym näme?“. Sen hem maňa: „Seniň aýdýanlaryň bary dogry. Men saňa gulak asaryn“ diýipdiň. Onda näme üçin Rebbe içen antyňy, meniň saňa beren tabşyrygymy berjaý etmänsiň?» Patyşa sözüni dowam etdirip: «Kakam Dawuda eden ähli ýamanlyklaryňy özüň bilýänsiň. Şol eden ýamanlyklaryňy Reb seniň öz başyňdan inderer. Emma Süleýman patyşa ýalkanar. Dawudyň tagty Rebbiň öňünde baky berkär» diýdi. Onsoň patyşa Ýehoýadanyň ogly Benaýa buýruk berdi; ol-da gidip, ony öldürdi. Şeýdip, Süleýmanyň patyşalygy berkedi.
Выбор основного перевода