Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hyzmatkär oňa şeýle jogap berdi: «Ine, şu galada sylag-hormatly bir Hudaýyň adamy bar. Onuň aýdany hemişe dogry bolup çykýar. Ýör, şonuň ýanyna gideli. Belki, ol bize gitmeli ýolumyzy salgy berer». Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi. Hyzmatkär Şawula ýene: «Ine, mende bir kiçi kümüş teňňe bar. Men ony Hudaýyň adamyna bererin, ol bize ýol görkezer» diýdi. (Öňler Ysraýylda Hudaýdan sorap görmäge gidenlerinde, «Ýör, görgüriň ýanyna gideli» diýer ekenler, çünki häzirki pygambere öňler görgür diýipdirler.) Göze ilmezlik üçin gala girip bilmeýändiklerine görä, Ýonatan bilen Ahymagas Eýnrogelde garaşýardylar. Bir gyrnak gelip, olara habar berýärdi, olar bolsa gidip, Dawuda aýdýardylar. Sadogyň ogly Ahymagas: «Ylgaýyn-da, Rebbiň patyşany duşmanlarynyň elinden halas edendigini oňa buşlaýyn» diýdi. Ol gepläp durka, Abýatar ruhanynyň ogly Ýonatan geldi. Adonyýa: «Giriber, çünki sen hormatlanýan adamsyň, hoş habar getirensiň» diýdi.
Выбор основного перевода