Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahytopel: «Kakaňyň öýe seretmek üçin goýup giden gyrnak aýallary bilen ýat. Şeýtseň, özüňi kakaňa duşman edendigiňi tutuş Ysraýyl eşider we seniň tarapyňdakylaryň goluna kuwwat berer» diýdi. Şeýlelikde, üçegiň ýokarsynda Abşalom üçin çadyr gurdular. Abşalom bütin Ysraýylyň gözüniň alnynda kakasynyň gyrnak aýallarynyň ýanyna girdi. Dawut Iýerusalimdäki öýüne geldi. Öýe seretmek üçin goýup giden on gyrnak aýallarynyň ählisini bir jaýa gabap, olary gorag astyna aldy; olary zerur zatlar bilen üpjün etdi, ýöne ýanlaryna girmedi. Gyrnak aýallar şeýdip, tä ölýänçäler dul ýaly ýaşadylar we gabawdan çykarylmadylar.
Выбор основного перевода