Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi. Üstesine-de, seniň bilen bilelikde Ol Ysraýyly piliştlileriň eline berer; ertir ogullaryň bilen bile meniň ýanyma gelersiň. Reb Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer». Gözleriň meni şu pursat görýär, ýöne mundan beýläk meni görmersiň, gözleriň meni gözlär, emma meni tapmarsyň. Buludyň selçeňläp, gaýyp bolşy deý, ölüler dünýäsine gidenler-de yzlaryna dolanmazlar. Öýlerine gaýdyp gelmezler, öz mekanlary olary tanamaz.
Выбор основного перевода