Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär. «Halkym biderek ýere äkidildi, hökümdarlary perýat edýärler. Adym uzakly gün harlanýar». Muny Reb aýdýandyr. Olar milletleriň arasynda, her bir baran ýerlerinde Meniň mukaddes adyma ysnat getirdiler. Olar hakda „Bular Rebbiň halky dälmi näme? Onda näme üçin olar Onuň ýurdundan çykaryldylar?“ diýildi. Milletleriň arasynda ysnat getirilen, olaryň arasynda siziň ysnat getiren beýik adymyň mukaddesdigini görkezerin. Men olara siziň üstüňiz bilen mukaddesligimi görkezenimde, milletler Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär. „Tur, ýola düş! Arnon jülgesinden geç! Ine, Men Heşbondaky amorlaryň hany Sihony we onuň ýerini seniň eliňe berdim. Ýurdy eýelemäge başla, Sihon bilen urşa gir.
Выбор основного перевода