Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir gyza adaglanarsyňyz, emma onuň bilen başga biri ýatar. Jaý gurarsyňyz, emma onda özüňiz ýaşamarsyňyz. Üzüm agaçlaryny oturdarsyňyz, emma onuň miwesinden iýmersiňiz. Dawut adamlaryna aýaly getirmegi buýurdy. Aýal Dawudyň ýanyna geldi. Dawut aýbaşydan ýaňy arassalanan Batşeba bilen ýatdy. Soňra aýal öýüne gaýtdy. Aýal göwreli boldy we Dawuda: «Men göwreli» diýip habar ýollady. «Het halkyndan bolan Uryýany meniň ýanyma iber» diýip, Dawut Ýowaba habar etdi. Ýowap Uryýany Dawudyň ýanyna iberdi. Uryýa ýanyna gelende, Dawut ondan Ýowabyň we goşunyň hal-ýagdaýy, urşuň gidişi hakda soraşdyrdy. Soňra ol Uryýa: «Öýüňe bar-da, dynjyňy al» diýdi. Uryýa patyşanyň köşgünden çykanda, onuň yzyndan patyşanyň sowgadyny hem äkitdiler. Emma Uryýa öz jenabynyň ähli nökerleri bilen bile şa köşgüniň gapysynda ýatdy; öýüne gitmedi. Onuň öz öýüne gitmändigini Dawuda habar berenlerinde, ol Uryýadan: «Sen ýaňyja ýoldan geldiň. Näme üçin öýüňe gitmediň?» diýip sorady. Uryýa Dawuda: «Äht sandygy bilen ysraýyllardyr ýahudalar çadyrdakalar, jenabym Ýowapdyr onuň nökerleri meýdandakalar, men iýip-içmek we aýalym bilen ýatmak üçin öýüme gideýinmi? Seniň ömrüňden hem janyňdan ant içýärin, men beýle iş edip bilmerin» diýdi. Dawut Uryýa: «Bu günem şu ýerde bol, ertir men seni yzyňa ugradaryn» diýdi. Şunlukda, Uryýa ol gün hem Iýerusalimde galdy. Ertesi gün Dawut ony çagyryp, iýdirip-içirip serhoş etdi. Agşam Uryýa ýene-de öz öýüne gitmän, jenabynyň nökerleri bilen bile öňki ýatýan ýerine gitdi. Ertesi irden Dawut Ýowaba hat ýazyp, Uryýadan iberdi. Dawut hatynda şeýle ýazdy: «Uryýany söweşiň iň gazaply gidýän ýerinde goý-da, onuň ýanyndan aýryl. Goý, ol ýaralanyp ölsün». Şeýlelikde, üçegiň ýokarsynda Abşalom üçin çadyr gurdular. Abşalom bütin Ysraýylyň gözüniň alnynda kakasynyň gyrnak aýallarynyň ýanyna girdi.
Выбор основного перевода