Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi. Patyşa: «Näme boldy?» diýip sorady. Aýal şeýle diýdi: «Wah, men bir äri ölen dul aýal. Gyrnagyňyzyň iki sany ogly bardy. Bir gün olar meýdanda uruşdylar. Ol ýerde olary aralamaga adam bolmansoň, biri beýlekisini urup öldürdi. Indi tutuş tire gyrnagyňyza garşy çykyp: „Doganyny öldüreni biziň elimize ber, onuň özüni-de öldürip, ondan doganynyň ganyny aljak. Şeýdip, biz mirasdary-da öldürjek“ diýýärler. Şeýdip, olar ojagymyň galanja oduny-da söndürip, ýer ýüzünde adamymdan nam-nyşan galdyrmajak bolýarlar». Emma ol Natan pygamberi-de, Benaýany-da, Dawudyň batyr ýigitlerini-de, öz dogany Süleýmany-da çagyrmady. Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy. Onsoň ol pygamber beýleki pygambere: «Rebbiň sözüne gulak asmandygyň üçin sen meniň ýanymdan giden badyňa, seni bir ýolbars öldürer» diýdi. Ýaňky pygamber beýleki pygamberiň ýanyndan gitdi. Ýolda oňa bir ýolbars gabat gelip, ony öldürdi. Soňra ol başga bir adamy tapyp, oňa: «Meni ur» diýdi. Şeýdip, ol adam pygamberi urup, ony ýaralady. Soňra pygamber gözlerini sargy bilen daňyp, ýoluň boýunda patyşa garaşdy. Ahap patyşa ýoldan geçip barýarka, pygamber ony çagyryp, şeýle diýdi: «Jenabym, men–guluň söweş meýdanynyň ortarasynda söweşip ýörkäm, bir esger meniň ýanyma öz ýesir alan duşmanyny getirip: „Şu adamy öz ýanyňda sakla. Eger ol gaçaýsa, sen ony öz janyň bilen ýa-da iki putdan gowrak kümüş bilen tölärsiň“ diýdi. Men–guluň odur-budur işe güýmenip ýörkä, ýaňky adam ýitirim boldy». Ysraýyl patyşasy oňa: «Saňa edil öz aýdyşyň ýaly jeza berler» diýdi. Pygamber haýal etmän gözlerindäki sargyny aýyrdy. Ysraýyl patyşasy bolsa dessine onuň pygamberleriň biridigini bildi. Dawut patyşanyň eden işleri başdan-aýak Şamuwel görgüriň, Natan pygamberiň we Gat görgüriň kitabynda ýazylandyr.
Выбор основного перевода