Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Agşamara hälki iki perişde Sodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi. Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler. Lut ýüreginden syzdyryp ýalbaransoň, olar onuň öýüne sowuldylar. Ol perişdeleri hezzetläp, olara petir bişirip berdi. Olar naharlandylar. Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar. Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar. Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý, doganlar, gabahatlykdan el çekiň. Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý, doganlar, gabahatlykdan el çekiň. Meniň iki sany boý gyzym bar. Men şolary siziň eliňize bereýin. Siz olara islän zadyňyzy edäýiň, ýöne bu adamlara degmäň. Olar meniň öýümi penalap geldiler» diýdi. Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar. Emma içerdäki adamlar gapyny açyp, Luty içeri saldylar-da, gapyny ýapdylar. Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler. Adamlar Luta şeýle diýdiler: «Seniň bu ýerde ýene kimiň bar? Ogul-gyzyňmydyr, giýewiňmidir, garaz, galadaky özüňe degişli adamlaryň ählisini al-da, bu ýerden çyk. Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi». Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler. Daň atandan soň perişdeler: «Gala weýran edilende heläk bolmazyňyz ýaly, aýalyň bilen ýanyňdaky iki gyzyňy hem al-da, bu ýerden çyk!» diýip, Luty gyssap başladylar. Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar. Şonuň üçin hem, eý, söýgüli doganlar, bu zatlary öňden bilýändigiňiz üçin, hüşgär boluň! Imandan dänmeziňiz ýaly, azgyn adamlar sizi ýoldan çykarmasyn.
Выбор основного перевода