Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Eger araňyzdan pygamberler ýa-da düýş ýorujylar peýda bolup, alamat ýa-da mugjyza görkezseler, ol alamat ýa-da mugjyza ýerine düşse we olar size: „Geliň, keseki hudaýlaryň yzyna eýereliň, olara sygynyp gulluk edeliň“ diýseler, siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi bilmek üçin sizi synap görýär. Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. Men gidenimden soňra, araňyza ýyrtyjy möjekleriň geljegini bilýärin, olar sürini aýap goýmazlar. Hatda öz araňyzdan käbir adamlar çykyp, şägirtleri yzyna eýertdirjek bolup, hakykaty ýoýarlar. Siz baha, onda-da uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, öz bedeniňiz bilen Hudaýy şöhratlandyryň. Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar. Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr. Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady. Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler. Bular siziň araňyza bölünişik salyp, öz ynsan düşünjelerine görä ýaşaýan adamlardyr we Mukaddes Ruhdan mahrumdyrlar.
Выбор основного перевода