Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Onsoň Bilgam ertesi irden turup, eşegini gaňňalady-da, mowaply emeldarlar bilen ýola düşdi. Eşek eli syrylan gylyçly, ýoluň üstünde duran Rebbiň perişdesini gören badyna ýoldan sowlup, atyzyň içine tutdurdy. Bilgam bolsa eşegi ýola çykarjak bolup saýgylamaga başlady. Onsoň Reb eşege dil bitirdi we eşek Bilgama: «Meni üç gezek beýle ýenjer ýaly, men saňa näme etdim?» diýdi. Şonda eşek Bilgama: «Men seniň bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi näme? Heý, mundan ozal şeýle gylyk görkezipmidim?» diýdi. Bilgam: «Ýok» diýip jogap berdi. Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi.
Выбор основного перевода