Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler. Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin. Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk. Olar adamlaryň öýlerine sümlüp girýärler. Günäleri başyndan agdyk, her tüýsli höweslere meýilli, ýeňles aýallary öz tarapyna çekýärler. Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez. Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler. Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.
Выбор основного перевода