Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Параллельные места
Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň. Hakyky dogrulyk we mukaddeslik bilen Hudaýyň keşbinde ýaradylan täze ýaradylyşa besleniň. Dünýä we ondaky zatlara köňül bermäň. Dünýäni söýýän adamda Atanyň söýgüsi ýokdur. Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir. Dünýä we onuň höwesleri geçer gider, emma Hudaýyň yradasyny berjaý edýän adam baky ýaşar. Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris. Biz Hudaýyň perzentlerini söýýändigimizi nädip bilýäris? Hudaýy söýüp, Onuň buýruklaryny berjaý edýänligimizden bilýäris. Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler. Özleri azgynlygyň guly bolubam, olara erkinligi wada berýärler, sebäbi adam nämeden ýeňilse, onuň guly bolýandyr. Adamlar Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçyp gutuldylar. Eger olar mundan soňam ýene şunuň ýaly işlere baş goşup, günäniň guly bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňki ýagdaýyndan-da beter bolar.
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Выбор основного перевода