Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Параллельные места
Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys. Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir. Hudaý Mesihi ähli hökümdarlykdan, ygtyýarlykdan, güýç-gudratdan we agalykdan, şeýle hem diňe bu döwürde däl, eýsem geljek döwürde-de tutuljak her bir atdan has ýokary goýdy. Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi. Goý, olar gadymy rowaýatlara, tükeniksiz nesil şejerelerine ýykgyn etmesinler. Bular dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolup, Hudaýyň tabşyrygynyň iman arkaly amala aşyrylmagyna päsgel berýändir. Goý, olar ýahudy rowaýatlaryna we hakykaty ret edýänleriň buýruklaryna gulak gabartmasynlar. Biz size owal-başdan bar bolan Ýaşaýyş Sözi hakda habar berýäris. Gulagymyz bilen eşidip, elimiz bilen tutup, gözümiz bilen görenlerimizi yglan edýäris. Adam atadan soňra ýedinji nesil bolan Hanok hem bu adamlar hakda şeýle pygamberlik edipdir: «Ine, Reb san-sajaksyz, müňlerçe perişdeleri bilen gelýär.
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Выбор основного перевода