Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Параллельные места
Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy. Birdenkä olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. Petrus Isa: «Agam! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, isleseň, bu ýerde üç çadyr dikeýin: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar. Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi. Şonda şägirtlere Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, gel, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. Gaty gorkandyklary üçin, Petrus näme diýýänini özi hem bilenokdy. Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýa doga okamak üçin daga çykdy. Doga okap otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy. Ine, iki adam Onuň bilen gürrüňleşip durdy. Bu Musa bilen Ylýasdy. Olar şöhrat içinde peýda bolup, Isanyň dünýäden alynmaly pursady barada gürrüň edýärdiler. Bu pursat Iýerusalimde amala aşmalydy. Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, emma olar ukudan açylyp, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler. Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini özi-de bilmän, Oňa: «Halypa! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Özlerini bulut gurşap alanda, olar gaty gorkdular. Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Выбор основного перевода