Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Параллельные места
«Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy. Mukaddes Ýazgylaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş etmek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr. Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar. Pygamberler siziň üçin taýynlanan bu halas bolmaklyga doly düşünmäge çalyşdylar we bu merhemet dogrusynda öň pygamberlik etdiler. Olaryň kalbyndaky Mesihiň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.
Petrusyň ikinji haty
1 2 3
Выбор основного перевода