Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Iýerusalimde mesgen tutanlar welaýat baştutanlarydy. Ýöne ruhanylar, lewiler, ybadathana hyzmatkärleri, Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleri we beýleki ysraýyl adamlarynyň hersi Ýahudanyň galalaryndaky öz galasynda, öz mülkünde mesgen tutdular. Ýahuda we benýamin tireleriniň käbirleri Iýerusalimde ýaşadylar. Ýahuda tirelerinden: Zakarýanyň agtygy, Uzyýanyň ogly Ataýa. Onuň ata-babalaryna Peresiň neslinden bolan Amarýa, Şepatýa, Mahalalel degişlidir. Kolhozeniň agtygy, Barugyň ogly Magaseýa. Onuň ata-babalaryna Hazaýa, Adaýa, Ýoýaryp we Zakarýa degişlidir. Bular Ýahudanyň ogly Şilonyň neslindendi. Iýerusalimde mesgen tutan Peresiň ähli nesilleri dört ýüz altmyş sekiz edermen urşujylardan ybaratdy. Benýamin tiresiniň adamlary: Ýogediň agtygy, Meşullamyň ogly Sallu. Onuň ata-babalaryna Pedaýa, Kolaýa, Magaşeýa, Itiýel we Ýeşagýa degişlidir. Sallunyň ýakyn garyndaşlary Gabaý hem Sallaý. Jemi dokuz ýüz ýigrimi sekiz benýaminli Iýerusalimde ýaşaýardy. Zikriniň ogly Ýowel olaryň ýolbaşçysydy. Hasenuwanyň ogly Ýahuda bolsa şäheriň üstünden baştutanlyk edýän ikinji adamdy. Ruhanylardan: Ýoýarybyň ogly Ýedaýa we Ýakin. Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly Seraýa. Onuň ata-babalaryna Sadok, Meraýot we Hudaýyň öýüniň baştutany bolan Ahytup degişlidir. Olaryň Hudaýyň öýüniň işini edýän garyndaşlarynyň jemi sekiz ýüz ýigrimi iki adamdy. Ata-babalary Emasy, Zakarýa, Paşhur we Malkyýa bolan Pelalýanyň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa. Onuň doganlary, urugbaşylary iki ýüz kyrk ikidi. Azareliň ogly, Ahzaýyň agtygy Emaşsaý. Onuň ata-babalaryna Meşillemot we Immer degişlidir. Olaryň doganlary bir ýüz ýigrimi sekiz edermen urşujylardy. Olaryň ýolbaşçysy Hagedolymyň ogly Zabdyýeldi. Lewilerden: Azrykamyň agtygy, Haşubyň ogly Şemagýa. Onuň ata-babalaryna Haşabýa we Buni degişlidir. Lewileriň baştutanlaryndan bolan, Hudaýyň öýüniň daşarky işlerine seredýän Şabetaý we Ýozabat. Dilegde şükür etmäge başlananda öňüni başlaýan, Asafyň neslinden bolan Zabdynyň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa. Doganlarynyň arasynda onuň orunbasary Bakbukýa; Ýedutunyň neslinden Galalyň agtygy, Şammuwanyň ogly Abda bardy. Mukaddes şäherde ýaşaýan lewileriň jemi iki ýüz segsen dörtdi. Derwezebanlar Akup, Talmon we onuň derwezeleri saklaýan doganlary bir ýüz ýetmiş ikidi. Ysraýylyň, ruhanylaryň we lewileriň galanlary bolsa Ýahudanyň ähli galalarynda, öz mülklerindediler. Emma ybadathana hyzmatkärleri Ofelde ýaşaýardylar. Siha bilen Gişpa olara ýolbaşçylyk edýärdiler. Iýerusalimdäki lewileriň ýolbaşçysy Uzydy. Ol Haşabýanyň agtygy, Banynyň ogludyr. Onuň ata-babalaryna Hudaýyň öýünde gulluk edýän aýdymçylardan bolan Asafyň neslinden Matanýa we Mika degişlidir. Ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň, Ähli ybadathana hyzmatkärleriniň we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleriniň jemi üç ýüz togsan iki adam boldy. Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana aýdymçylary, derwezebanlary we hyzmatkärleri öz galalarynda, ysraýyllar hem öz galalarynda ornaşdylar. bulardan başga-da Dawut bilen onuň emeldarlarynyň lewilere hyzmat etmäge bellän ybadathana hyzmatkärleriniň nesillerinden iki ýüz ýigrimisini getirdiler. Olaryň ählisiniň ady tutuldy.
Выбор основного перевода