Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ruhanylardan: Ýoýarybyň ogly Ýedaýa we Ýakin. Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly Seraýa. Onuň ata-babalaryna Sadok, Meraýot we Hudaýyň öýüniň baştutany bolan Ahytup degişlidir. Olaryň Hudaýyň öýüniň işini edýän garyndaşlarynyň jemi sekiz ýüz ýigrimi iki adamdy. Ata-babalary Emasy, Zakarýa, Paşhur we Malkyýa bolan Pelalýanyň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa. Onuň doganlary, urugbaşylary iki ýüz kyrk ikidi. Azareliň ogly, Ahzaýyň agtygy Emaşsaý. Onuň ata-babalaryna Meşillemot we Immer degişlidir. Olaryň doganlary bir ýüz ýigrimi sekiz edermen urşujylardy. Olaryň ýolbaşçysy Hagedolymyň ogly Zabdyýeldi.
Выбор основного перевода