Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Sadogyň neslinden bolan baş ruhany Azarýa şeýle jogap berdi: «Rebbiň öýüne sadakalaryny getirip başlanlaryndan bäri biziň iýmitimiz ýeterlik boldy, hatda köp artyp hem galdy. Rebbiň Öz halkyna bereket berendigi sebäpli, bizde artyk galan zat köp». Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar. Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimgi bolsa onuň kömekçisidi. Ýehiýel, Azazýa, Nahat, Asahel, Ýerimot, Ýozabat, Eliýel, Ismakýa, Mahat we Benaýa dagylar Hizkiýa patyşanyň we Hudaýyň öýüniň esasy baştutany Azarýanyň belländigi üçin Konanýa bilen onuň inisi Şimginiň gözegçiligi astynda işleýärdiler. Petrus bilen Ýohanna halka gürrüň berip durkalar, birnäçe ruhanylar, ybadathana goragçylarynyň baştutany we saddukeýler olara garşy çykdylar.
Выбор основного перевода