Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ysraýyllaryň, olaryň kowumbaşylarynyň, müňbaşylarydyr ýüzbaşylarynyň hem-de beýleki emeldarlarynyň sanawy aşakdaky ýalydyr. Olar aýba-aý gelip, bölümleriň ähli işlerinde patyşa gulluk edýärdiler. Her bölümde ýigrimi dört müň adam bardy. Adyýeliň ogly Azmawet patyşanyň hazynaçysydy. Ýurduň, şäherleriň, obalardyr galalaryň hazynaçysy bolsa Uzyýanyň ogly Ýonatandy. Ýer işi üçin ekin meýdanlarynda işleýänlere Kelubyň ogly Ezri baştutanlyk edýärdi. Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna, gederli Bagalhanan günbatar baýyrlykdaky zeýtun hem-de ýabany injir agaçlaryna, Ýogaş ýag ammarlaryna garaýardy. Şaronly Şitraý Şarondaky iri mallara, Adlaýyň ogly Şapat jülgelerdäki iri mallara, ysmaýyl urugyndan bolan Obyl düýelere, meronotly Ýehdeýa eşeklere, hagarly Ýazyz dowarlara garaýardy. Şularyň hemmesi Dawut patyşanyň mülklerine gözegçilik eden adamlardy. Dawut Ysraýylyň ähli baştutanlaryny: tirebaşylary, patyşa gullugyndaky bölümleriň goşunbaşylaryny, müňbaşylardyr ýüzbaşylary, patyşanyň hem-de ogullarynyň mülklerine, mallaryna seredýänleriň baştutanlaryny, köşk emeldarlaryny, edermen esgerleri we batyr ýigitleriň ählisini Iýerusalime toplady.
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Выбор основного перевода