Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Dawut derwezeleriň gapylary üçin çüýler we petleler üçin juda köp demir, ölçärden agdyk bürünç, ummasyz köp mukdarda kedr agaçlaryny taýýarlady. Köp möçberdäki bu kedr agaçlaryny Dawuda sidonlylar bilen surlular getirdiler. Dawut derwezeleriň gapylary üçin çüýler we petleler üçin juda köp demir, ölçärden agdyk bürünç, ummasyz köp mukdarda kedr agaçlaryny taýýarlady. Köp möçberdäki bu kedr agaçlaryny Dawuda sidonlylar bilen surlular getirdiler. Dawut şeýle diýdi: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz, Rebbe guruljak öý bolsa biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydyr. Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin». Şeýlelikde, Dawut ölmezinden öň, öýüň gurluşygy üçin taýýarlyk işleriniň uly tapgyryny ýerine ýetirdi. Men Rebbiň öýi üçin, uly yhlas bilen bir ýüz ýetmiş müň batman altyn, bir million ýedi ýüz müň batman kümüş, ölçärden agdyk bürünçdir demir, agaçdyr daşlar ýygnadym. Sen bularyň üstüni ýetirmelisiň. Hudaýyň nazarynda merhemet tapan Dawut Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady.
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Выбор основного перевода