Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Patyşa olara: «Meniň köşk emeldarlarymy ýanyňyz bilen alyň-da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip, Gihona äkidiň. Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň. Siz onuň yzy bilen gelersiňiz, ol gelsin-de, meniň tagtymda otursyn we meniň ýerime patyşa bolsun. Çünki men ony Ysraýylyň we Ýahudanyň patyşasy edip belledim» diýdi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa patyşa jogap berip, şeýle diýdi: «Omyn! Meniň jenabymyň Hudaýy Reb hem şeýle diýsin. Reb jenabym bilen bolşy ýaly, Süleýman bilen hem bolup, onuň şalygyny jenabym Dawut patyşanyň şalygyndan-da has gülletsin». Şeýdip, Sadok ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, keretler hem peletler gidip, Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürdiler-de, ony Gihona tarap äkitdiler. Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar. Patyşa onuň ýerine Ýehoýadanyň ogly Benaýany goşunbaşy edip belledi. Abýataryň deregine bolsa, Sadogy ruhanylyga belledi. Dawut öz durmuşyndan razy bolup, ogly Süleýmany Ysraýyla patyşa etdi. Şeýdip, Süleýman kakasy Dawudyň tagtyna çykdy; onuň patyşalygy gaty mäkäm boldy.
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Выбор основного перевода