Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Rebbe şükür ediň we sežde ediň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň. Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň. Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun. Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň. Eý, Rebbiň bendesi Ybraýymyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny. Eý, Rebbiň bendesi Ybraýymyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny. Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär. Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar. Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar. Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde. Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde. Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler. Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga. Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi. Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
Выбор основного перевода