Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Reb Ybramyň aýaly Seraý sebäpli faraon we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi. Hudaý Abymelegiň düýşüne girip, oňa: «Ärli aýaly ýanyňa aldyrdandygyň sebäpli sen ölersiň» diýdi. Faraonyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al. Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb, ine, şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine, sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň. Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler. Nildäki balyklar öler we derýa porsar. Müsürliler Niliň suwundan içip bilmezler’“».
Выбор основного перевода