Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär». Müsürde görkezen alamatlaryny, Zogan düzündäki gudratlaryny: olar derýalaryndan içmesin diýip, Ol akarlaryny gana öwürdi. Olary ýalmap-ýuwutsyn diýip, üstlerine siňek sürüsini iberdi. Olary başagaý etsinler diýip, gurbagalar iberdi. Gemriji çekirtgä berdi hasyllaryny, ýumurtgadan çykan çekirtgä – zähmet rähnetlerini. Doly bilen weýran etdi üzümlerini, çabga bilen – injir agaçlaryny. Dola berdi mal-garalaryny, ýyldyrymlara – sürülerini. Olaryň üstlerine iberdi, Öz gaharynyň howruny, gazaby, dergazaby hem-de belany – gyrýan perişdeleriň bir toparyny. Ol ýol berdi Öz gazabyna: ölümden goramady olaň janyny, mergä berdi ömürlerini. Müsürde heläkledi ähli nowbaharlary – Hamyň çadyrlaryndaky ilkinji zürýatlary. Öz halkyny bolsa goýunlar kimin ýola rowana etdi, çölde olary bir süri kimin Ol ugrukdyrdy. Olary howp-hatardan gorap äkitdi, eýmenmediler, duşmanlaryny bolsa deňiz ýuwutdy. Getirdi olary Öz mukaddes ýurduna – eliniň ýeňip alan dagyna. Milletleri olaryň öňünden kowdy, çadyrlarynda Ysraýyl tirelerini ornatdy, mülklerini paýlap, olara miras hökmünde berdi. Olar bolsa heniz-de Beýik Hudaýy synaýardylar, Oňa garşy baş galdyrýardylar, parzlaryny berjaý etmeýärdiler. Dänip, atalary dek biwepadylar, ähtibarsyz keman kimin ynamsyzdylar. Ony öjükdirýärdiler seždegähleri bilen, gabanjaňlygyny oýarýardylar butlary bilen. Hudaý eşidip, gazaba mündi, Ysraýyly büs-bütinleý ret etdi. Ynsanlar arasyndaky mesgeni bolan Şilodaky çadyryny terk etdi, Ýesirlige berdi Äht sandygyny, duşmanlaryň eline – Öz şöhratyny. Öz halkyny gylyja berdi, Öz saýlan halkyna dergazap boldy. Ýigitlerini ot ýalmap ýuwutdy, gyzlaryna toý aýdymlary aýdylman galdy. Ruhanylary gylyçdan öldi, olaryň dul hatynlary ýas tutup bilmedi. Şonda Taňry galkdy ukudan oýanan kimin, şerapdan aýňalmadyk bir erkek kimin. Ol duşmanlaryna ökje götertdi, olary baky ryswalyga sezewar etdi. Ol Ýusubyň çadyryny ret etdi, Efraýymyň tiresini saýlamady-da, saýlap aldy Ýahuda tiresini – Özüniň söýen Sion dagyny. Gadymky günleri ýada salýaryn, Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn, Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.
Выбор основного перевода