Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym». Ýyşaýy gurbanlyga çagyr. Meniň üçin onuň haýsy oglunyň başyna ýag guýmalydygyňy soň Özüm saňa görkezerin». Dawut adamlaryny-da öz maşgalalary bilen bile äkitdi. Şeýdip, olar Hebron galasynyň obalarynda ornaşdylar. Ýahudanyň adamlary geldiler we Dawudyň başyna ýag guýup, ony ýahuda tiresine patyşa bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde, Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin». Ysraýylyň ähli tireleri Hebrona Dawudyň ýanyna baryp, oňa: «Biz seniň öz süýegiňden we teniňdendiris. Ol Rebden soramandy. Şonuň üçin hem Reb ony öldürdip, patyşalygyny Ýyşaýyň ogly Dawuda berdi. Ähli ysraýyllar Hebrondaky Dawudyň daşyna ýygnanyp, oňa şeýle diýdiler: «Biz seniň öz süýegiňden, öz teniňdendiris. Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna geldiler. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Rebbiň Şamuweliň üsti bilen aýdan sözüne laýyklykda, Dawudyň başyna ýag guýup, ony Ysraýyla patyşa bellediler. Rebbiň Ysraýyl babatdaky sözi boýunça, Dawudyň batyr ýigitleriniň baştutanlary we tutuş ysraýyl halky onuň höküm sürmegini berk goldadylar.
Выбор основного перевода