Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şeýdip, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bile Gatyň hany Magogyň ogly Akyşyň tarapyna geçdi. Olar maşgalalary bilen bile Gatda Akyş hanyň ýanynda ornaşdylar. Iki aýaly ýizregelli Ahynogam we Nabalyň dul galan aýaly karmelli Abygaýyl hem Dawudyň ýanyndady. Şawul Dawudyň Gata gaçandygyny eşidip, ony gözlemegini bes etdi. Dawut Akyş hana şeýle diýdi: «Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda ýurduň obalarynyň birinden maňa ýaşar ýaly ýer ber; goý, guluň öz ýanyňda patyşa galasynda ýaşamasyn». Şeýdip, Akyş han oňa Ziklagy berdi. Şoňa görä, Ziklag şu günki güne çenli hem Ýahuda patyşalaryna degişli bolup gelýär.
Выбор основного перевода