Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Gidegona Rebbiň Ruhy indi. Şondan soň Gidegon surnaý çalyp, abygezer urugyny öz yzyna düşmäge çagyrdy. Abşalom Emasany Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip goýdy. Emasa Ýytra diýen bir ysraýylyň ogludy. Ýytra Ýowabyň ejesi, Seruýanyň aýal dogany, Nahaşyň gyzy Abygaýyla öýlenipdi. Dawudyň batyr ýigitleri şulardy: Hakmonynyň ogly Ýaşobgam. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde üç ýüz adamy öldürdi. Onsoň Ýehoýada ruhanynyň ogly Zekarýanyň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Zekarýa halkyň öňünde dik durup, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Näme üçin Rebbiň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz? Siziň işiňiz rowaç almaz. Rebbi terk edendigiňiz üçin, Ol hem sizi terk etdi“».
Выбор основного перевода