Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady. Patyşa Sadok ruhana şeýle diýdi: «Sen öňden görüjisiň! Ogluň Ahymagasy hem-de Abýataryň ogly Ýonatany ýanyňa al-da, Abýatar bilen bile sag-salamat gala gaýt. Ertesi irden Dawut entek turmanka, Dawudyň görgüri Gat pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň». Şeýle hem Şamuwel görgür, Kişiň ogly Şawulyň, Neriň ogly Abneriň, Seruýanyň ogly Ýowabyň bagyş eden zatlary, umuman, bagyş edilen zatlaryň ählisi Şelomyt bilen onuň garyndaşlarynyň gözegçiligi astyndady. Dawut patyşanyň eden işleri başdan-aýak Şamuwel görgüriň, Natan pygamberiň we Gat görgüriň kitabynda ýazylandyr. Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň.
Выбор основного перевода