Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler. Her öküz üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý ununy we goç üçin galla sadakasy hökmünde, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy hödür etsinler. Her tokly üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan bir möçberindäki saýlama bugdaý ununy Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde hödür etsinler. Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygy bilen içgi sadakasyndan başga-da, Rebbe günä gurbanlygy üçin bir teke hödür edilsin. Ol soňra özüniň Ramadaky öýüne gaýdyp, şol ýerden hem Ysraýyla serdarlyk etdi. Ol Ramada Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy. Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler. Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý. Ýonatan Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut: „Maňa rugsat bersene. Galada biziňkiler urug bolup gurbanlyk berjekler; agam maňa gelsin diýipdir. Eger meni sylaýan bolsaň, onda rugsat ber, gidip, agalarymy göreýin“ diýip, Beýtullahama gitmek üçin özelenip ýalbardy. Şonuň üçin hem ol patyşanyň naharyna gelip bilmedi». Adamlar seždegählerde gurbanlyk berýärdiler, çünki henize çenli Rebbe ybadat öýi salynmandy. Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy. Bir gün patyşa gurbanlyk bermek üçin Gibgona gitdi, çünki esasy seždegäh şol ýerdedi. Süleýman şol ýerde müňlerçe ýakma gurbanlyklaryny beripdi.
Выбор основного перевода