Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýle hem, goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen we sag buduny al. (Çünki bu goç ruhanyçylyga bellemek üçindir.) Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir. Şeýle hem salamatlyk gurbanlygyňyzyň sag buduny-da sadaka hökmünde ruhana beriň. Gurbanlyk malynyň paý hökmünde berilýän bu sag buduny, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlän ruhany alsyn. Göterme sadakasynyň döşi we sag budy ýaly, sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlarynyň eti hem seniňkidir.
Выбор основного перевода